"Aşgabatýylylyk" tresti

Hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.


BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Maslahatyň esasy meseleleriniň biri 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk boldy.