"Aşgabatýylylyk" tresti

Oba hojalyk

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy-kärendeçileriniň tutanýerli zähmeti, şeýle hem sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde meýilleşdirilen 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, baş wezipe bolup durýar. Şu maksat bilen welaýatyň oba hojalykçylary bugdaý oragy möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldiler. Häzirki wagtda welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem galla hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi.

Paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar.