"Aşgabatýylylyk" tresti

Galla oragyna guramaçylykly girişiler

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy-kärendeçileriniň tutanýerli zähmeti, şeýle hem sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde meýilleşdirilen 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, baş wezipe bolup durýar. Şu maksat bilen welaýatyň oba hojalykçylary bugdaý oragy möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldiler. Häzirki wagtda welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem galla hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi.

 Şonuň bilen birlikde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň hem-de onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygyjy kombaýnlaryň 365 sanysy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary iki iş çalşygynda erk ederler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir hem-de kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenen göçme ussahanalar, çalgy ýaglary, ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Bu bolsa ýetişdirilen bugdaý hasylyny bellenilen möhletde zaýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz tabşyrmaklyga mümkinçilik döreder. Şeýle hem ekin meýdanlaryndan ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryna daşamaklyk üçin awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 575-si çekilipdir. Orak möwsüminde zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin hem ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek bolar.

Jogapkärli möwsümde bugdaýly meýdanlarda, galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny amal etmek maksady bilen welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlaryň geçirilendigini, kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek möhümdir.

Galla oragyna ählitaraplaýyn we doly taýýarlykly gelinmegi Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny gysga döwürde, ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrjakdyklaryna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrjakdyklaryna şaýatlyk edýär.

pen-icon

Agamyrat Soltanow