"Aşgabatýylylyk" tresti

Medeniýet hepdeligine doly taýýarlykda

Ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilmegi, şeýle hem her ýylyň iýun aýynyň 22–28-i aralygynda giň gerimli, dürli mazmunly çäreleri, maslahatlary, gezelençleri, konsertleri öz içine alýan Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bu ulgamyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak pursatlary emele getirýär. 

Medeniýet we sungat işgärleriniň giň gerimli çäresiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde bellenilýän, döwletimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä möçberinde sarpalanmasynyň subutnamasy bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir. 

Döwletimiziň ähli künjeginden tanymal sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda Ahal welaýatynda geçiriljek bu hepdelige ýurdumyzyň Gündogar sebitinden hem medeniýet we sungat işgärleriniň uly topary gatnaşar. Şu günler Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatyň birleşen tans topary bu tutumly çärä milli mirasymyzy, türkmen dünýäsiniň, bagtyýar zamanamyzyň gözelliklerini açyp görkezýän tanslaryň birnäçesini taýýarlaýar. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda ýaýbaňlandyryljak bilelikdäki konserte Lebap welaýatyndan Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, welaýat medeniýet merkeziniň «Lebap» folklor-tans topary, Saýat etrabyndan «Çapak» folklor topary gatnaşar. 

Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň hepdeligiň dowam edýän günlerinde geçiriljek bilelikdäki konsertine welaýatyň tanymal aýdymçylary — Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Arslan Jumaýew, Gülälek Şirowa, Umyt Bazarow we beýlekiler özleriniň täze döreden aýdymlary bilen bararlar.

Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bu maslahata welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleri hem Diýarymyzyň Garaşsyzlyk döwründäki okgunly ösüşlerini we sebitiň aýratynlyklaryny açyp görkezýän çykyşlary bilen gatnaşarlar. 

Hepdeligiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlary ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen kärdeşleri bilen özara tejribe alşarlar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Ahal welaýatynda geçiriljek toýuna welaýatymyza wekilçilik edýän topary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli keremli tutumlaryny wasp edýän, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmunyny açyp görkezýän kämil çykyşlar bilen bararlar. 

pen-icon

Agamyrat Soltanow