"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmen elektron senagaty ösüş ýolunda

Ýakynda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty uly üstünlikli geçip, onuň işi netijeli häsiýete eýe boldy. Bu halkara forum ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolmagy bilen oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Mälim bolşy ýaly, halkara sergä öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda elektron senagatyna ýöriteleşen ýurdumyzda ilkinji we iri kärhanalaryň biri bolan «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öz öndürýän önümlerini görkezmek bilen orta çykmagy çärä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleriniň barha artdyrýandygyny bellemek gerek. Sergide hojalyk jemgyýetiniň öndürip başlan Gün energiýasy arkaly işleýän ýol yşyklary ilkinji gezek görkezildi. Şeýle hem kärhana şähergurluşygy üçin zerur bolan kabelleri, yşyklandyryjylary, ýol germewleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrdy.

Halkara forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjy döwlet we hususy düzümleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge we barha giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekilmegi çäräniň ähmiýetini atdyrdy. Şonda «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti hem ýakyn geljekde öz işlerini üstünlikli öňe ilerletmäge ýardam berjek birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

Hususan-da, «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda 2025–2030-njy ýyllary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn şertnama gol çekişmek dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde «Inspur Software co., Ltd» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Inspur Software co., Ltd» kompaniýasy bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. «Türkmenistanyň sanly ulgam binýadyna maýa goýum goýmak, bilelikde «Emeli Aň» ugry boýunça taslamalary özleşdirmek, serwer enjamlarynyň ýerli önümçiligini gurnamak» baradaky maýa goýum taslamasynyň çäklerinde gol çekilen bu resminamalar bilim mekdepleriniň we çagalar bagynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgama geçmek boýunça taslamasyny we «Türkmenaragatnaşyk» agentligini zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini gazanmak maksat edinilýän strategik şertnamalara, hususan-da:

«Unilumin Group co., Ltd» kompaniýasy bilen «FIFA», «NBA» hem-de Halkara olimpiýa derejesindäki LED ekranlaryny we yşyklandyryş çyralaryny bilelikde öndürmek we üpjünçiligini gurnamak boýunça Taslamasyna hem-de Strategik Hyzmatdaşlyk şertnamasyna;

«Shenzhen lepower opto electronics corp., Ltd» kompaniýasy bilen Ýapon SMT tehnologiýasy esasynda optiki LED çiplerini oturtmak we LED yşyklandyryjy platalary öndürmek boýunça Taslamanyň hyzmatdaşlyk şertnamasyna;

«Yangzhou fama intelligent equipment co., Ltd» kompaniýasy bilen akylly aragatnaşyk we häzirki zaman şäherleriň gurluşyk enjamlaryny bilelikde özleşdirmek we öndürmek boýunça Taslamanyň Maýa goýum-Strategik Hyzmatdaşlyk şertnamasyna;

«Shenzhen alldocube science and technology co., Ltd» kompaniýasy bilen «Windows» we «Android» ulgamlaryna esaslanan kompýuter hem-de planşet enjamlaryny bilelikde öndürmek Taslamanyň Strategik Hyzmatdaşlyk şertnamasyna;

«Shenzhen qisheng electronics co., Ltd» kompaniýasy bilen häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän monoblok we professional ofis kompýuterlerini işläp düzmek, öndürmek we elektron enjamlaryň ammarlaryny döretmek baradaky Taslamanyň Strategik Hyzmatdaşlyk şertnamasyna dabaraly gol çekildi.

Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky bu şertnamalar Türkmenistanyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletli gatnaşyklary ösdürmek babatda möhüm ädim boldy.

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen gazanan bu ylalaşyklary ýurdumyzda milli elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda täze, döwrebap belent sepgitleriň nazarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar Watanymyzyň innowasion tehnologik üpjünçilikler boýunça halkara derejesindäki ösüşlere sazlaşykly goşulmak babatda öňde goýan wezipelerini çözmekde-de uly ähmiýetli işlerdir.